- töwerek
- 1) Matematikada: her bir nokady merkezden deň daşlykda bolan birleşen egri çyzyk, tegelek.∙ Töwerek boýunça deňölçegli hereket. («Fizika Kursy»)2) Biriniň ýa-da bir zadyň daşyny gurşap alan ginişlik, ýakyndaky ýerler, daş-töwerek.∙ Gurt bir wagt gözüni açyp görse, töwereginde oturan öz ýoldaşlaryna gözi düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Töweregiňe heý gözüňi aýlaýarmyň obada heý senden başga işlemeýän barmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Biz mekdebimiziň töweregine her hili miweli agaçlar ekdik.3) Çen bilen, takmynan.∙ Bu oturanlaryň ikinjisiniň kyrkyň töweregi ýaşy bardy. (A. Gowşudaw, Köpetdagyň eteginde)∙ Men ony sagat bäşiň töwereginde mekdepde gördüm.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem töwerek - töweregi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.